ABŞ-nyň Mil­li awia­si­ýa we kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) bi­len “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy “Star­li­ner” at­ly kos­mos gä­mi­si­niň il­kin­ji eki­paž­ly sy­na­gy­ny ge­çi­rer­ler. Şu ýy­lyň iýul aýyn­da “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan “Star­li­ner” kos­mos gä­mi­si Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Keýp Ka­na­we­ral kos­mod­ro­myn­dan “At­las V” at­ly ra­ke­ta bi­len uçu­ry­lar.
NA­SA-nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Bar­ri Wil­mor hem-de Su­ni Wil­liams at­ly pi­lot­lar “Star­li­ner” gä­mi­si­niň ukyp­la­ry­ny baş­dan-aýak bar­lap gö­rer­ler.
Uçuş şow­ly ta­mam­lan­sa, NA­SA bu gä­mi­niň kos­mo­sa yzy­gi­der­li gat­na­wy­ny ama­la aşyr­mak üçin de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry al­ma­ga gi­ri­şer. “Star­li­ner” kos­mos gä­mi­si mun­dan ozal iki ge­zek eki­paž­syz uçuş­da bar­la­nyp gö­rül­di.
NA­SA Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ast­ro­nawt­la­ry we ýük da­şa­mak üçin hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Bu hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň kos­mos gä­mi­le­ri ula­nyl­ýar.

Me­ret­mäm­met Beg­ja­now, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.