«Hyundai Motor» kompaniýasy önümçilik kärhanalarynda 2028-nji ýyldan başlap, adamsypat robotlary ulanyp başlajakdygyny mälim etdi. Kompaniýa Las-Wegasda geçirilýän Sarp ediji elektronikasy (CES) sergisinde «Boston Dynamics» tarapyndan işlenip taýýarlanan «Atlas» atly robotyny tanyşdyrdy. Koreý brendi «Atlas»-y ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky kärhanasy bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýerindäki zawodlarynda ulanmagy maksat edinýär. Kompaniýanyň wekilleri adamsypat robotlaryň ilkinji nobatda fiziki taýdan kyn we howply işleri ýerine ýetirjekdigini, soňra bolsa, adamlar bilen bilelikde çylşyrymly işleri etjekdigini mälim etdi.
Her ýylyň ýanwar aýynda geçirilýän sergi bu ýyl 6-9-njy ýanwar aralygynda guralýar. Sergide emeli aň, robot tehnologiýasy, mobil enjamlar, dakynylýan tehnologiýalar, «akylly» öý enjamlary görkezilýär.
Ogulbike Mämiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









