Döw­le­tiň ber­ka­rar­ly­gy, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy, ýaş ne­sil­le­riň röwşen gel­je­gi, il­kin­ji no­bat­da, kä­mil ylym-bi­li­me da­ýan­ýar. Dün­ýä­de äh­mi­ýe­ti bar­ha art­ýan ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ýur­du­myz­da top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy hem hormatly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li döw­let sy­ýa­sa­ty­na, kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy tej­ri­be­si bo­lan hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar.
Ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­gi üçin ne­ti­je­li döw­let mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­niň öw­re­nil­me­gi­ne, yn­san­per­wer ul­gam­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Dil öw­ren­mek tä­ze bir dün­ýä­ni öw­ren­mek ha­sap­lan­ýar. Is­len­dik dil­de şol hal­kyň ru­hy dün­ýä­si, me­de­ni­ýe­ti aý­dyň şöh­le­len­ýär. Bu bol­sa dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­mek ar­ka­ly özge halk­la­r bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le­lik­de, ýaş­la­ryň dil öw­ren­mek­le­ri ola­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­ny has-da gi­ňeld­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim ul­ga­my­ny ok­gun­ly ösüş­le­re gö­nük­dir­ýän mö­hüm res­mi­na­ma, ýag­ny, «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma ýaş nes­liň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da bi­lim al­ma­gy, hü­när we ylym öw­ren­me­gi, sag­dyn bol­ma­gy, edep-ter­bi­ýe­li, ata Wa­ta­ny­my­za, mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri bi­len bag­ly wa­jyp we­zi­pe­le­ri, şeý­le hem ene di­li­mi­zi we da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil öz­leş­dir­mek­le­ri­ni ga­zan­mak ug­run­da­ky öz­gert­me­le­ri öz içi­ne al­ýar.
Ýur­du­my­zyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de dil ug­ru­na de­giş­li ders­ler öw­re­nil­ýär. Dil öw­ren­mek­de in­te­rak­tiw teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­nyl­ýar. Has ta­ky­gy, elekt­ron okuw se­riş­de­le­ri, san­ly plat­for­ma­lar, au­dio-wi­deo ma­te­ri­al­lar, in­te­rak­tiw prog­ram­ma­lar ýaş­la­ryň di­li eşit­mek, gör­mek we ulan­mak ar­ka­ly öz­leş­dir­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le se­riş­de­ler okuw pro­se­si­ni has gy­zyk­ly, düş­nük­li we tä­sir­li ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ýaş­la­ryň öz­baş­dak iş­le­me­gi­ne, öz ösü­şi­ni sel­jer­me­gi­ne we bi­lim de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Şeý­le­-de dil sa­pak­la­ryn­da dia­log, pi­kir alyş­ma, to­par­la­ýyn oýun­lar ýa­ly usul­lar ýaş­la­ryň di­li çalt öz­leş­dir­me­gi­ne uly müm­kin­çi­lik ber­ýär.
«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­ri şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­di. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Aş­ga­bat, Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de pe­da­go­gik iş­gär­le­riň usu­ly-ama­ly okuw­la­ry hem-de mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. O­lar­da dil öw­ret­mek usu­ly­ýe­ti­ni döw­re­bap de­re­je­de gu­ra­mak ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di.
Her dil bel­li bir hal­kyň dün­ýä­ga­raý­şy­ny we mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Bir­nä­çe di­li bil­mek tä­ze ga­py­la­ry aç­ýar. Şol bir wagt­da, ene di­li­mi­ziň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­mak we ös­dür­mek, di­li­mi­zi baý­laş­dyr­mak we gel­jek­ki ne­sil­le­re kä­mil ýag­daý­da ge­çir­mek hem­mä­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr.

Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.