Kompýuter enjamlaryny öndürýän “Finalmouse” şereketi ozal ulanyjylar üçin öndürilen dürli dizaýnlary bilen öňe çykypdy. Täsin dizaýny bolan klawiatura täze ses enjamyna öwrüldi. Adaty mehaniki klawiaturalara meňzeýän bu klawiaturanyň dizaýnynda iň uly tapawut klawiatura düwmeleriniň aşagynda ekran mehanizminiň bolmagydyr. Şeýlelik bilen, ulanyjy düwmeleri basýan wagty ekrany aşakda açyp bolýar we isleseňiz hereket edýän şekiller klawiatura düwmeleriniň aşagyndaky barmak hereketlerine goşulýar. “Unreal Motor 5” oýun motorjygy bilen işlenip düzülen bu ýörite suratlar klawiaturany reňkleýär. Düwmelere derrew reaksiýa berip bilýän bu şekiller klawiaturany birneme çylşyrymlaşdyrýar. Alýumin gabaraly bolandygy üçin klawiatura örän berk. Enjamda prosessor we grafika bölümi hem bar. Klawiaturanyň bahasy 350 dollara deň.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
PDF









