Günorta Afrikanyň Limpopo welaýatyndan bolan şazada gyz, Altaý ülkesiniň Ýarowoýe şäheriniň ýaşaýjysyna durmuşa çykdy we Altaýa göçüp bardy. Bu barada “Westi Altaý” teleýaýlymy habar berýär.
Günorta Afrikada doglan, afrikan urugynyň şazada gyzy indi iki ýyl bäri Altaýda ýaşaýar we bularyň hemmesi Ýarowoýe obasynyň ýaşaýjysy bilen tötänleýin duşuşykdan soň başlanandygy bellenýär. Şeýlelikde ol Altaý şäherine göçüp barmaly diýen karara gelýär.
Ýaşlar Limpopoda we Keýptaunda toý edýärler. Soňra olar Ýarowoýe göçüp barýarlar. Goňşular afrikaly şazadany öz ýakyny hökmünde kabul etdiler. Teleýaýlymyň habaryna görä, jübütler geljekde iki mekdebi – Russiýada iňlis dili we Afrikada rus dili mekdebini açmagy arzuw edýärler.