Syýahatçylykda ösen şäherler barada gürrüň edilende, ilki bilen, Pariž, London, Dubaý, Antalýa, Bangkok, Nýu-Ýork ýaly şäherler ýadyňa düşýär. Soňky ýyllarda Afrikanyň käbir şäherleri hem syýahatçylyk pudagynda özüni tanadyp başlady. Muňa mysal hökmünde Keýptaun, Kigali, Ýohannesburg, Kasablanka, Naýrobi, Kair, Abijan, Akkra şäherlerini agzamak bolar. Afrikanyň iň özüne çekiji syýahatçylyk şäheri Keýptaun hasaplanýar. Günorta Afrika Respublikasynyň paýtagty halkara öleçeglere laýyk gelmek bilen, ykdysady ösüş, medeni miras, howpsuzlyk we durnuklylyk babatda öňdeligi eýeleýär.
Keýptaun şäheri uzyn kenarlary, dag gerişleri, muzeýleri, tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen her ýyl müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Hindi we Atlantik ummanlarynyň aralygynda ýerleşýän Keýptaun Günorta Afrikanyň ilkinji şäherleriniň biridir. Afrika yklymynyň iň günortasynda ýerleşýän bu şäher Ýohannesburgdan soň, ýurduň iň köp ilatly şäheri hasaplanýar. 2 müň 461 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Keýptaun şäheriniň 4 million töweregi ilaty bar.
Syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýän Afrikanyň iň çetki şäheriniň meşhur ýerleriniň biri «Stol» dagy hasaplanýar. Şäheriň nyşany bolan bu dagyň beýikligi 1600 metr bolup, üstüniň tekizligi bilen tapawutlanýar. 4-5 sagatlyk pyýada ýoly arkaly dagyň depesine çykyp, şäheri ýokardan synlap bolýar. «Stol» dagy 1857-nji ýylda milli ýadygärlik hökmünde yglan edilýär. 1998-nji ýylda «Stol» dagynyň milli seýilgähi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilýär. Seýrek duş gelýän ösümlikleriň mekany bolan bu seýilgähde 1470 dürli gül, jemi 2200 töweregi ösümlik ösýär. «Stol» dagy ýerli ilatyň dilinde «deňiz dagy» diýmegi aňladýar. Bu seýilgäh Afrika yklymynyň iň günorta nokady bolan Gowy umyt kölüni hem öz içine alýar.
Keýptaun şäheriniň malaý medeniýetiniň taryhy bilen tanyşdyrýan «Bo-Kaap» muzeýi reňk sazlaşygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Diwarlary ýaşyl, sary, açyk gülgün, gyrmyzy reňkde bezelen bu muzeýde XVIII asyra degişli Gündogar medeniýetiniň galyndylaryny, ak-gara suratlary, egin-eşik nusgalaryny we agaç oturgyçly otaglary görmek bolýar.
Şäherden 13 kilometr uzaklykda «Stol» dagynyň gündogar eteginde ýerleşýän «Kirstenbosch» milli botanika bagy ýaşyl meýdanlary we owadan gülleri bilen köpçüligi özüne çekýär. Liesbeek derýasy bilen suwarylýan «Kirstenbosch» milli botanika bagy dag eňňitlerinden başlap, aşaky tokaýlyklara çenli uzalyp gidýär. 9 sany botanika bagyny özünde jemleýän milli botanika bagynda myhmanlar üçin otaglar, söwda nokatlary we kofe dükanlary bar.
1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Robben adasy Keýptaun şäherinden 10 kilometr uzaklykda ýerleşýär. 13 inedördül kilometr meýdany tutýan bu ada 1997-nji ýylda milli ýadygärlik hökmünde yglan edilýär.
Bulardan başga-da, Keýptaun şäherindäki Günorta Afrikanyň milli galereýasy muzeýi, kompan baglary, Umyt galasy, Uly ýöriş meýdançasy, Alty etrap muzeýi we Apanapon (iki umman) akwariumy syýahatçylaryň iň köp gelim-gidimli ýerleri hasaplanýar.