1910-njy ýylyň 28-nji aprelinde fransuz piloty Lui Polan Londondan Mançester aralygynda geçirilen uçar ýaryşynda ýeňiji bolýar. Bu ýaryş Birleşen Patyşalykda uzak aralyga geçirilen ilkinji uçar ýaryşydyr. Ýaryşa iki pilot gatnaşýar. Bellenen ýere ilkinji bolup gelen Polana 10 müň funt sterling pul baýragy gowşurylýar.
Bu aralygy geçmek üçin ilkinji synanşygy hempşirli Klod Greým-Waýt atly pilot amala aşyrdy. Ol 23-nji aprelde Londondan uçup, ilkinji meýilleşdirilen duralgasynda – Regbide düşledi. Soňra ol iki ganatly uçarynyň motorynda näsazlyklar ýüze çykandygy sebäpli Liçfildiň golaýynda ýene-de gonmaga mejbur boldy. Güýçli ýeller Greým-Waýtyň ýoluny dowam etdirmegine mümkinçilik bermedi. Greým-Waýtyň uçary Londonda abatlanýan mahaly, Polan 27-nji aprelde agşamara Liçfilde tarap uçary bilen ýola düşdi. Birnäçe sagatdan soň Greým-Waýt Polanyň gidenini eşidip, onuň yzyndan kowup başlady. Greým-Waýt ertesi irden Polhanyň yzyndan ýetmäge synanyşdy. Polan 28-nji aprelde irden Mançestere ýetmegi başardy. Iki uçarman hem ýeňşini Londondaky “Savoy” myhmanhanasynda geçirilen ýörite naharda bilelikde bellediler.
Şeýle ýaryşy geçirmek baradaky ilkinji başlangyjy 1906-njy ýylyň 17-nji noýabrynda “Daily Mail” gazeti orta atýar. Neşir uzaklygy 298 kilometre barabar bolan bu iki şäheriň aralygyny 24 sagadyň dowamynda iki gezekden köp düşlemezden geçen ilkinji uçarmana 10 müň funt sterling pul baýragynyň gowşuryljakdygyny mälim edýär. Bäsleşigiň ýene bir şerti uçar şol şäherdäki neşiriň ofisinden 8 kilometrden uzak bolmadyk ýere düşlemelidi.
PDF








