18-nji aprelde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Afýonkarahisar şäherindäki Afýon Kojatepe uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar» atly ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.
Çärä Afýonkarahisar şäheriniň häkimi Kübra Güran Ýigitbaşy, Afýon Kojatepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Karakaş, şeýle-de Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Türkmenistanyň işjeň daşary syýasy ugrunyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýandygyny bellediler. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamalaryň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy, berkitmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygy nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.