Ägirt uly ýel turbinasy peýda bolar

153

Hy­taý­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 18 MWt bol­jak ägirt uly ýel di­ňi gur­lar. Äpet des­ga­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nan­dan soň dün­ýä­niň iň uly su­wüs­ti ýel tur­bi­na­sy­na bo­lar. Ge­çen aý ABŞ-nyň “Ge­ne­ral Electric” kom­pa­ni­ýa­sy “Ha­lia­de-X” at­ly ýel be­ke­di­niň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 12 me­ga­wat­dan (MWt) gow­rak bol­jak­dy­gy­ny mä­lim edi­lip­di. Bu des­ga­nyň 14,7 MWt-a çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dü­rip bil­jek­di­gi ba­ra­da hem de­giş­li şa­ha­dat­na­ma al­nyp­dy. Şeý­le­lik­de bu des­ga res­mi ýag­daý­da dün­ýä­niň iň güýç­li ýel tur­bi­na­sy­na ha­sap­lan­dy. Em­ma onuň bu re­kor­dy­nyň uzak do­wam et­me­jek­di­gi mä­lim edil­di. Mu­nuň se­bä­bi, Hy­ta­ýyň “CSSC Ha­iz­huang” kom­pa­ni­ýa­sy önüm­çi­lik kuw­wa­ty 18 me­ga­wat (MW) su­wüs­ti ýel be­ke­di­ni gu­rar. “H260” at­ly bu di­ňiň pe­ri­niň dia­met­ri 260 met­re deň bo­lar. “Ha­lia­de-X”-iň pe­ri­niň dia­met­ri bol­sa 220 metr. “H260”-iň di­ňe pe­ri­niň uzyn­ly­gy “Ha­lia­de-X”-iň be­ýik­li­gi­ne deň. “CSSC Ha­iz­huang” kom­pa­ni­ýa­sy tur­bi­na­nyň her bir bö­le­gi­niň uzak­dan ge­ti­ril­me­gi­niň kyn bol­jak­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, onuň 80 gö­te­ri­mi­niň şol bir des­ga­da ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Bu des­ga 40 müň ho­ja­ly­gy aras­sa elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mä­ge ýe­ter.
“Ge­ne­ral Eelectric”, “Sie­mens” we “Ves­tas” ýa­ly bu ugur­da iş alyp bar­ýan beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar bol­sa, hä­zir­ki wagt­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 15MW bo­lan tur­bi­na­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar.

Ata­jan Ho­ja­ly­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.