So­gan dün­ýä­de iň köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän we iýil­ýän gök-bak­ja ekin­le­ri­niň bi­ri­dir. So­gan diý­len­de il­ki bi­len göz öňü­ňe gel­ýän zat «ur­man, sög­män ag­lad­ýan­dy­gy­dyr». Na­har­la­ryň äh­li­si­ne di­ýen ýa­ly go­şul­ýan so­gan sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr.
Ga­dy­my mü­sür­li­ler so­ga­ny ebe­di ýa­şaý­şyň ny­şa­ny ha­sap­lap­dyr­lar. Ar­heo­log­lar Mü­sür pi­ra­mi­da­la­ryn­da ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de so­ga­nyň ga­lyn­dy­la­ry­ny tap­dy­lar.
Köp­ler so­gan dog­ran­da «ag­la­ma­ga baş­la­ýar». Ke­si­len so­gan­dan kü­kürt kis­lo­ta­sy bö­lü­nip çyk­ýar we gö­zü­miz­dä­ki çyg­ly­lyk bi­len tä­sir­leş­ýär. Ne­ti­je­de, gö­zü­miz­den ýaş bö­lü­nip çyk­ýar.
Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len so­ga­nyň ag­ra­my 8,97 ki­log­ram bo­lup, 2023-nji ýyl­da Ang­li­ýa­nyň Ýork­şir şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän «Har­ro­ga­te» güýz gül­le­ri ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. Dün­ýä­niň iň uly so­ga­ny­ny iň­lis daý­ha­ny Ga­ret Grif­fin ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir.
Mek­dep­de barlaghana otag­la­ryn­da mik­ros­kop ar­ka­ly gör­mek üçin köp­lenç so­gan ula­nyl­ýar. Se­bä­bi so­ga­nyň öý­jü­gi örän uly we gör­mek aň­sat.
So­gan 7 müň ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri iý­lip ge­lin­ýär. Ar­heo­log­lar bü­rünç asy­ry­na de­giş­li in­jir we hur­ma dä­ne­si bi­len bi­r­lik­de so­ga­nyň ga­lyn­dy­la­ry­ny hem tap­dy­lar.
So­gan ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri bo­ýag al­mak­da hem ula­nyl­ýar.
Ajy ta­gam­ly bu gök-bak­ja eki­ni­ni hiç bir mör-mö­jek iýip bil­me­ýär.
So­ga­ny iýe­niň­den soň ysy­ny aýyr­mak üçin süýt ýa-da gök çaý iç­mek, nar­pyz ýa-da pet­ruş­ka ýap­ra­gy­ny çeý­ne­mek ýe­ter­lik.
Ýew­ro­pa­ly­la­ryň kö­pü­si or­ta asyr­la­ryň ahy­ry­na çen­li wal­ýu­ta hök­mün­de so­gan ula­nan bol­sa­lar, si­bir­li daý­han­lar XVIII asy­ra çen­li tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de so­gan­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar.
Köp ýurt­da so­gan di­ňe bir na­ha­ra sa­lyn­mak bi­len çäk­len­män, göz, diş agy­ry­syn­da der­man se­riş­de­si hök­mün­de hem peý­da­la­nyl­ýar.