Täsin syýahat
Soňky ýyllarda syýahatçylyk ösen pudaklaryň birine öwrüldi. Islendik ýurda syýahata baranyňda haýsydyr bir täsin zada, üýtgeşik gezelenç ugurlaryna we özboluşly tebigy gözelliklere duş gelmek bolýar. Mysal üçin, Şri-Lankada piliň üstüne münüp çaý meýdanlaryna, tokaýa gezelenç etmek, Şweýsariýada finikulýar otla münüp, gyş şypahanalaryna barmak, dagyň depesinde lyžaly gezelençleri guramak, Hytaýda daga ýapyşyp duran lift bilen beýiklige galyp, «Awatar» filminiň gaýalarynda aýlanmak, Transsibir demir ýoly arkaly 1 hepdäniň dowamynda ýurduň dürli şäherlerine gezelenç etmek we ş.m.
Şeýle täsin gezelençleriň biri hem «polýar aýylaryň paýtagty» hasaplanýan Çerçill şäherinde guralýan ak aýy syýahatydyr. Kanadada Çerçilliň golaýyndaky çölde gyş paslynyň gelmegi bilen garly meýdanlar emele gelýär. Sentýabr aýyndan noýabr aýyna çenli Hudson aýlagynyň kenarlary, Labrador ýarym adasyndaky Torngat daglary we Demirgazyk-günbatar geçelgesi owadan gyş manzaryna bürenýär. Bu ýerlerde polýar aýylarynyň sürülerine duş gelmek bolýar. 30 ýyldan gowrak mundan öň başlanan ak aýy gezelenjine ýolbaşçylyk edýän ýolbelet Dug Ross şeýle belleýär: «Syýahatçylaryň köpüsi bu ýere gelmäge uly gyzyklanma bildirýär. Hudson aýlagynyň akymlary ak aýylary şu kenara (Çerçill şäherine) alyp barýar. Tomusda deňiz buzy erände bu jandarlar iýmit gözläp kenara göçýärler».
Agramy 600 kilogramdan gowrak bolan ýyrtyjy jandarlaryň arasynda gezelenç etmek üçin ýörite syýahatçylyk awtobusy işlenip düzülipdir. Şäheriň tundra meýdanlarynda arkaýyn hereket edip bilýän awtobusyň beýikligi 6 metre golaý bolup, uzynlygy 20 metr töweregi. Awtobusyň 6 sany uly tigri ýolsuz ýerden ýöremäge, polýar aýylaryny ýokardan synlamaga mümkinçilik berýär. Awtobusyň içine kaşaň oturgyçlar, şeýle hem ýyladyjy enjamlar ornaşdyrylypdyr. Awtobusyň yzynda üsti açyk balkon göz öňünde tutulyp, borty polýar aýylary synlamak üçin gözenekli edilip ýasalypdyr. Syýahatçylar 850 müň gektar meýdany tutýan Çerçill ýabany tebigaty dolandyrmak sebitinde gezelençde bolup, ak aýylary ýakyndan synlap, gyzykly wakalaryň şaýady bolýarlar. Gezelenjiň dowamynda syýahatçylara bir käse gyzgyn çorba, polýar aýylary barada gysga filmler we gijeki görkeziş çäreleri hödürlenýär. Uly ak aýy syýahatynyň dowamynda aýylardan başga-da, karibuny, polýar towşanyny, arktika we gyzyl tilkini ýakyndan synlap, guşlaryň 225 görnüşine duş gelmek bolýar.