Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin hoş habar yglan edildi. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berýär.
Bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar.
Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň “Wokzal” awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna, «Ak Işan» aramgähinden paýtagtymyza tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.
Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar şu telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20.
Hormatly ildeşler, goý, eden zyýaratlaryňyz we doga-dilegleriňiz kabul bolsun!
PDF









