Şu gün, 24-nji maýda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady.
Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyýetçilik wekilleri türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de telekeçileri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda Indi köp ýyllar bäri guralýan «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Ol dürli ulgamlarda we möhüm ugurlarda ýetilen belent sepgitleri ýaýmaga mümkinçilik berýär, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Bu forum aşgabatlylarda hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar diýlip bellenýär.
Şu günki sergide milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň 150-den gowrak diwarlygy ýaýbaňlandyryldy. Olar dürli pudaklaryň hem-de halk hojalygynyň düzümleriniň ýeten belent sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar, şeýle-de türkmen paýtagtynyň senagat, medeniýet we bilim mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady şertlerini giňden açyp görkezýär.
Halkara Maslahata dünýäniň 30 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Ak şäherim Aşgabat – geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri» atly umumy mejlis bilen açylar, bu ýerde esasy üns durnukly ösüşiň we innowasiýa tehnologiýalaryň mysaly bolan paýtagtymyzyň tutýan ornuna jemlener. Giň gerimli maslahatyň maksatnamasynda BMG-niň edaralarynyň ýokary derejeli wekilleriniň çykyşlary göz öňünde tutulýar. BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory Anaklaudiýa Rossbah, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýun Szou Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalar, şeýle hem “Aşgabat-Siti” başlangyjy barada gürrüň bererler.
Mundan başga-da, mejlisde ulag ulgamyny kämilleşdirmek we şäher gurşawynyň howanyň üýtgemegine çydamlylygyny ýokarlandyrmak üçin döredilen energiýa tygşytlaýjy we «akylly» tehnologiýalary ulanmak bilen, ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Ertir, 25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly sergi öz işini dowam eder.