16-17-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Döwlet muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň IV maslahaty geçirildi. «Daş ýadygärlikler – türk dünýäsiniň umumy mirasy» ady bilen geçirilen maslahata Gazagystandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Gagauziýadan we Demirgazyk Kiprden wekiller gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar A.Kekilbaýew adyndaky Mangistau sebit taryhy-ýerli taryh muzeýine we «Türklerde haly dokamak sungaty» atly halkara sergisine baryp gördiler. 17-nji oktýabrda bolsa, myhmanlar sebitiň medeni we tebigy mirasynyň täsin ýadygärlikleri bilen tanyşmak üçin Şopan-ata we Beket-ata ýerasty metjitlerine, şeýle hem Bozjyra traktyna gezelenje etdiler.
Çeşme: medeniyet.gov.tm