Häzirki wagtda «akylly» enjamlaryň, şol sanda «akylly» ulgam bilen üpjün edilen öýleriň sany hem artýar. Öýleri awtomatlaşdyrmaga degişli ilkinji synanyşyklar XX asyryň ortalarynda başlapdyr. Käbir bilermenler elektrik togunyň oýlanyp tapylmagy bilen peýda bolan tozan sorujy, sowadyjy, kir ýuwujy, gap-gaç ýuwujy ýaly enjamlary hem «akylly» öý enjamy hasaplaýarlar. Şeýle ulgamy döretmekde ilkinji synanyşyklar geçen asyryň 60-njy ýyllarynda edilipdir. 1961-nji ýylda «Lutron Electronics» kompaniýasy awtomatlaşdyrylan öý hojalyk tehnikalaryny öndüripdir. 1978-nji ýylda Angliýada kiçijik ýaşaýyş jaýy doly derejede awtomatlaşdyrylýar. Bu ulgam 2000-nji ýyllara çenli has-da kämilleşdirilýär. Biziň ýurdumyzda hem «akylly öý» taslamasy boýunça möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär.
Leýli Orazmuhammedowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.