Geçirilen barlaglara görä, şu ýyl “akylly” sagat bazarynda 30 göterime golaý ösüş gazanyldy. Bu görkeziji Hindistanda has ýokary bolup, dünýäniň iň uly “akylly” sagat bazaryna öwrüldi. Ýokary derejeli sagat satuwy 23 göterim artypdyr. Bu ugurda 50 göterimlik paý bilen “Apple” öňdeligi eýeleýär. Ikinji ýerde barýan “Samsung” “Galaxy Watch 5” seriýasynyň satuwa çykarylmagy bilen satuwyny 62 göterim artdyrypdyr. Adaty aýratynlyklary bolan sagatlaryň satuwy 35 göterim ýokarlanypdyr. Bu ugurda “Noise” brendi 25 göterimlik paý bilen öňdeligi eýeleýär. Amatly bahadan satylýan sagat öndürmekde “Fire-boltt”, “boAt” we “Xiaomi” degişlilikde öňdäki orunlary eýeleýär. Hindi brendi bolan “Noise” öz watanynda “Apple” we “Samsung”-dan soňra üçünji bolupdyr. Girdeji babatda bolsa, ýokary tehniki aýratynlygy bolan sagatlary öndürýän “Apple” we “Samsung” öňdeligi eýeleýär.
Öwezmuhammet Ýazmuhammedow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









