Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda şa kluby hasaplanýan “Real Madrid” üçin wagtyndan juda ir tamamlandy. 1/8 finalda 2-nji liganyň wekili “Albaseteden” 3-2 hasabynda utulan “Real Madrid” çärýek finalyň bosagasyndan yzyna gaýtdy. Çekeleşikli geçen oýna täze tälimçisi Alwaro Arbeloanyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşykda ýaş hünärmen käbir ýyldyzlaryny meýdança goýbermedi. Duşuşygyň 1-nji ýarymy Willar bilen Mastantuononyň garşylykly geçiren gollary esasynda 1-1 hasabynda tamamlandy. 2-nji ýarymda 2-nji ligada 17-nji orunda barýan “Albasete” topary Betankoryň 82-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. 90+1-nji minutda “Realyň” ýaş oýunçysy Gonzalo Garsiýa hasaby deňlese-de, 90+4-nji minutda Betankor ýene bir gezek tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirdi. Taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňen “Albasete” topary çärýek finala çykdy.

Şeýle-de, 1/8 finalda “Atletiko” myhmançylykda Deportiwony Grizmannyň goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. “Betis” “Elçeden” 2-1, “Atletik Bilbao” bolsa myhmançylykda 2-nji liganyň wekili “Kultural Leonesa” toparyny goşmaça wagtda 4-3 hasabynda utdy. “Real Sosiedad” esasy wagty 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanan oýunda 11 metrlik urgularyndan soň “Osasunany” ýaryşdan çykardy. “Barselona” şu gije “Rasing Santander” toparynyň myhmany bolar.