«Alibaba» kompaniýasy Hytaýda «Quark» emeli aňy bilen işleýän äýneklerini çykardy. Bu hytaý tehnologiýa kompaniýasynyň emeli aňly dakylýan enjamlar bazaryna girendigini alamatlandyrdy. «Qwen AI” modeli we “Alibaba” programmasy bilen işleýän garnituranyň bahalary 1899 ýuandan (268,25 dollar) başlar.
“Meta” ýaly kompaniýalar tarapyndan öndürilen beýleki garnituralardan tapawutlylykda, “Quark” äýnekleri gara plastik çarçuwaly adaty äýneklere meňzeýär.
“Alibaba” kompaniýasy äýnekleriň “Alipay” töleg programmasy we “Taobao” söwda saýty ýaly programmalary bilen berk utgaşdyryljakdygyny we ulanyjylaryň olary ýolda terjime etmek we bahany derrew tanamak ýaly işler üçin ulanyp biljekdigini habar berdi.
Beýleki hytaý tehnologiýa kompaniýalary hem emeli aň bilen işleýän şuňa meňzeş äýneklerini çykardylar. Iýun aýynda “Xiaomi” öz önümini çykardy.
PDF









