Şanhaýyň Ulag  uniwersiteti tarapyndan alty aýakly lyžaçy robot işlenip düzüldi. Hereketi durnuklaşdyrmak, intellektual netije çykarmak we karar kabul etmek ýaly aýratynlyklary bolan robot orta we kyn derejeli lyža ýodalarynda synag edildi.

Täze döredilen robotyň diňe bir lyža eňňidinden aşak düşmek bilen çäklenmän, eýsem adamlary özbaşdak aýlap biljekdigi, hereketiň iň amatly tizligini we ugruny saýlamagy başarýandygy, hatda ugurlary-da seljerip biljekdigi habar berildi.

Şanhaýyň Transport uniwersitetiniň alymlary robot-türgen bilen bagly çylşyrymly algoritmleri düzüp, ony kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler. Täze döredilen robotyň daşky gurşawy kabul etmegi, informasiýalary seljermegi akylly-başly adamyň derejesinde başarýandygyny aýtmak gerek.

Bilermenler bu robotyň gözleg-halas ediş işleri geçirilende, garly we doňakly ýerlerde gözegçilik işlerini ýerine ýetirmekde ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar.

Gülälek SÖÝEŞOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň magistranty.