Ta­mam­la­nan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan bir­nä­çe top­lum­la­ýyn iş­ler bitiril­di. Geçen ýy­l­da luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da iş­le­ni­lip dü­zü­len, hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da möhüm we­zi­pe­le­ri öz içi­ne al­ýan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­ne 30 ýyl bol­dy. Ýurdumyzda sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Ge­çen ta­ry­hy döw­rüň için­de ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my düýp­li öz­ger­dil­di, luk­man­çy­lyk yl­my yzy­gi­der­li ös­dü­ri­lip, ul­ga­ma in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­lar, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­dy, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi, el­ýe­ter­li­li­gi we hi­li ýo­kar­lan­dy­ryl­dy, aý­ra­tyn hem, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ro­waç­lan­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de ata Wa­ta­ny­myz – eziz Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler sport ul­ga­my­nyň ro­waç gel­je­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Ýur­du­myz­da adam hak­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ru­dyr. Paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat­lar­da gu­rul­ýan sag­lyk öý­le­ri, has­sa­ha­na­lar, sport top­lum­la­ry we dynç alyş mer­kez­le­ri hem yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň tä­ze, be­ýik sep­git­le­re eýe bol­ma­gy hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler Mil­li Li­de­ri­mi­ziň çuň pä­him-paý­hasyn­dan we taý­syz ta­gal­la­la­ryn­dan göz­baş al­ýar. Gah­ry­man
Ar­ka­da­gy­my­zyň çuň­ňur yl­my sel­jer­me­le­ri­niň we dur­muş tej­ri­be­si­niň mi­we­si bo­lan «Sag­ly­gy go­ra­ýyş­da ýe­ti­len sep­git­ler» at­ly ki­ta­by hem hal­ky­myz üçin ba­ha­syz sow­gatdyr.
Bu ki­tap­da Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da soň­ky ýyl­lar­da al­nyp ba­r­lan ägirt uly iş­le­riň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň we önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça üs­tün­lik­le­riň gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.
Şeý­le-de ta­mam­la­nan ýyl­da alym Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­by­nyň XVII jil­diniň neşir edilmegi ta­ry­hy wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­tap­la­ry luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri, sag­ly­gy go­ra­ýyş ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we ugur­daş okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry üçin gym­mat­ly gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Ýur­du­my­zy sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny­na öw­ren, hal­ky­my­zyň sag­dyn, ru­hu­be­lent we bag­ty­ýar dur­mu­şy ba­ra­da ed­ýän çäk­siz ala­da­la­ry üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za,
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň,
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri hemişe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Güljahan MERDANGULYÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.