Ösüm­lik­le­riň her­si­niň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy bol­ýar. Kä­bir ösüm­lik­ler gu­rak top­ra­gy ha­la­ýan bol­sa, kä­si çyg­ly ýer­de go­wy ös­ýär. Ama­rant ýa-da hul­pa uru­gy­na de­giş­li bo­lan ösüm­lik bol­sa, ýe­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we me­lio­ra­si­ýa iş­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga go­şant goş­ýan ösüm­lik­le­riň bi­ri­ bo­lup, top­rak­dan ra­dio­nuk­lid­le­ri çy­kar­ma­ga ukyp­ly bo­lan örän az san­ly ösüm­lik­le­riň bi­ri­dir. Gu­rak­ly­ga, top­ra­gyň hi­li­ne hem-de ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy, şeý­le-de zy­ýan be­ri­ji­le­re we ke­sel­le­re gar­şy gö­reş uky­by bi­len ta­pa­wut­lan­ýan «Ama­rant­haceae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan Ama­rant (Ama­rant­hus L.) bir ýyl­lyk ösüm­lik­ bo­lup, je­mi 100-e go­laý gör­nü­şi­niň kö­pü­si me­de­ni­leş­di­ri­len ha­sap­la­nyl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ösüm­lik dün­ýä­sin­de je­mi 10 sa­ny ýa­ba­ny gör­nü­şi ga­bat gel­ýän bu ösüm­li­giň ady grek­çe­dä­ki «Ama­rant­hos» sö­zün­den ge­lip, «öç­me­ýän» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ga­dym za­man­lar­dan bä­ri iý­mit­lik we der­man­lyk mak­sat­la­ry bi­len halk köp­çü­li­gi ta­ra­pyn­dan peý­da­la­ny­lyp ge­lin­ýän soň­ky 20 ýyl­da bol­sa, me­de­ni­leş­dir­mek üçin fi­zio­lo­gi­ki, ge­ne­ti­ki, bio­hi­mi­ki, ag­ro­teh­ni­ki nuk­daý­na­zar­lar­dan öw­re­nil­en bu ösüm­li­giň gül­le­ri, adat­ça ow­nuk ýa­şyl-sa­rym­tyl we gyr­my­zy-gy­zyl reňk­li hem-de ýap­rak­la­ry ýa­şyl reňk­li bol­ýar. Ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar­dan soň­ra, Kö­pet­da­gyň etek­le­rin­de ama­ran­tyň «Cru­en­tus L» at­ly ýa­ba­ny gör­nü­şi­niň ös­ýän­di­gi mä­lim bol­dy. Bio­lo­gik aý­ra­tyn­ly­gy ba­bat­da ýy­ly­ly­gy we ýag­ty­ly­gy ha­la­ýan ösüm­lik­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýän bu ösüm­li­giň to­hum­la­ry ka­da­ly ho­wa we top­rak şert­le­rin­de 10 gün­de gö­ge­r­ýär we il­kin­ji ýap­ra­gy 10-12 gün­den soň peý­da bol­ýar. Mak­ro we mik­ro ele­ment­le­re baý bo­lan bu ösüm­lik­den alyn­ýan ýa­gyň dü­zü­min­de wi­ta­min­ler, be­lok­lar, ami­no­kis­lo­ta­lar, fer­ment­le­r köp muk­dar­da sak­lan­ýar. Adam be­de­ni üçin wa­jyp bo­lan li­zi­niň bar­ly­gy ama­ran­tyň yl­my we önüm­çi­lik taý­dan äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ýar. Bu ösüm­li­giň dü­zü­min­de sak­lan­ýan mad­da­la­r azyk hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýan me­de­ni ekin­le­riň en­çe­me­sin­den köp­dür. Ama­ran­tyň ha­syl­ly­ly­gy gör­nü­şi­ne bag­ly­lyk­da 15-30 s/ga ara­ly­gyn­da bo­lup, dä­ne­sin­de 16-18 gö­te­rim be­lok, 60 gö­te­rim krah­mal we 10 gö­te­rim ýag sak­la­ýar. Dä­ne­sin­den alyn­ýan ýa­gy­nyň çy­kym­ly­ly­gy her gek­tar­dan al­nan ha­sy­lyn­dan 150-300 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bol­up, ösüm­li­giň ýa­gyn­da bol­sa, skwa­len – adam be­de­ni­ni kis­lo­rod bi­len üp­jün ed­ýän, ra­dia­si­ýa­dan go­ra­ýan hem-de D wi­ta­mi­ni­ne öw­rü­lip adam im­mu­ni­te­ti­ni güýç­len­dir­ýän mad­da­ sak­la­nýar. Ak dä­ne­le­rin­den ýo­ka­ry hil­li krah­mal, kon­di­ter we atyr önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan be­lok kon­sent­ra­ty, şeý­le hem ça­ga­nyň iý­mit­le­ni­şi üçin bio­lo­gi­k taý­dan ýo­kum­ly mad­da­lar alyn­ýan ama­ran­ty iý­mit zyn­jy­ryn­da ulan­mak gan­da­ky ho­les­te­ri­niň dü­zü­mi­ni azalt­ma­ga we nerw, böw­rek, se­miz­lik, ate­rosk­le­roz ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýär. Gün­de­lik iý­mit­de bol­sa, 100 gram ka­bul edi­len­de be­de­niň äh­li iş­le­ri­niň ka­da­laş­ma­gyn­da ýar­dam ed­ýän ama­rant­dan al­nan ýag we beý­le­ki önüm­ler bol­sa, özü­niň ýo­kum­ly­ly­gy ba­bat­da bug­daý­dan, şa­ly­dan, mek­ge­jö­wen­den we so­ýa­dan al­nan önüm­ler­den ýo­kar­da dur­ýar. Özü­niň azyk­lyk, der­man­lyk, dä­ne­lik we ýag­ly­lyk taý­dan peý­da­ly­dy­gy bu ösüm­li­gi halk köp­çü­li­gi­ne ta­nyş­dyr­ma­ga we ula­ny­şa gi­riz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Eziz AR­TYK­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.