Ýer ýüzünde ululy-kiçili millionlarça jandar ýaşaýar. Tebigatda çekirtgeden kiçi guşjagaza, pilden uly balyga gabat gelinýär. Bilşimiz ýaly, suwda ýaşaýan iň uly jandar gök kit bolup, bu süýdemdirijiniň uzynlygy 30 metre ýetýär. Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň iň ulusy pil (6 tonna) bolup, iň uzyn boýlusy žiraf hasaplanýar. Geliň, žiraf barada gyzykly maglumatlary öwreneliň!
Saharanyň günortasyndaky sawannalarda we tokaýlarda ýaşaýan žiraf beýleki janly-jandarlardan boýunyň uzyn bolmagy bilen tapawutlanýar. Boýy 4 metrden 6 metre çenli ýetýän bu jandarlar agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Žiraflaryň iň halaýan iýmiti akasiýa agajynyň ownujak ýapraklarydyr. Mylaýym häsiýetli bu jandarlar bir gije-gündiziň dowamynda 30 minut töweregi dik duran ýerinde uklaýarlar. Ýyrtyjylardan goranyp gezýän alabeder jandarlar hüşgärligi elden bermezlik üçin gününiň esasy bölegini aýak üstünde geçirýärler.
Žirafyň mämişi-goňur tüý örtügi ak çyzyklar bilen bölünip, owadan şekil emele gelýär. Göräýmäge žiraflaryň ählisi birmeňzeş ýaly, ýöne bu jandarlaryň derisindäki owadan nagyşlar biri-birine meňzemeýär. Derisi menekli bu jandaryň iki sany ýumşak şahy we maňlaýynda tüňňerip duran buýnuzy bar. Žiraflaryň diliniň uzynlygy 45 santimetre ýetýär. Uzyn jandarlar boýunyň ýetmeýän şahalaryny dili bilen çekip, ýapraklary iýip bilýärler. Düýäniňkä meňzeş agzy bolan bu jandarlar tikenli ösümlikleri hem aňsatlyk bilen çeýnäp bilýärler. Alabeder jandarlaryň suw içişi hem örän täsin. Žiraflar boýunyň uzynlygy sebäpli iki öň aýagynyň arasyny açyp, soňra suw içýärler.
Tebigatda žirafa meňzeýän jandarlaryň arasynda okapi bilen zebra bar. Žiraflar öz arasynda Demirgazyk žiraf, retikurlinen žiraf, Masaý žiraf we Günorta žiraf ýaly 4 topara bölünýär.
Uzyn boýly jandary görmek üçin onuň ýaşaýan ýeri bolan Afrika gitmegiň zerurlygy ýok. Ony görmek üçin Köpetdagyň etegindäki Janly tebigatyň milli muzeýine baryp bilersiňiz.

Žiraflar barada gyzykly maglumatlar
Afrikanyň nyşany bolan bu jandarlar tebigy şertlerde Nigeriýa, Efiopiýa, Namibiýa we Günorta Afrika Respublikasy ýaly 21 ýurtda duş gelýär. Žiraflaryň 70 göterimi ýabany tebigatda ýaşaýar.
Žirafyň agramy 700 kilogramdan 2 tonna çenli ýetýär.
Žiraflar diňe ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Bu jandarlar her gün 30 kilogramdan gowrak ot we ýaprak iýýärler.
Žiraflar ýüwrük jandarlar bolup, sagatda 60 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler.
Alabeder jandarlar 10-dan 20-ä çenli aralykda süri bolup ýaşaýarlar.
Žiraflar 20-27 ýyla çenli ýaşaýarlar.
Žiraflaryň boýnunda her biri 25 santimetre çenli ýetýän 7 sany oňurga süňki bolýar.
Žiraflar ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde žiraflaryň sanynyň 90 müň töweregidigi bellenilýär.
PDF









