Amerikanyň medeniýet merkeziniň (konsullygynyň) halkara bilim bölümi, ýurdumyz boýunça mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmakdaky guraýan täze “Prep4Success Mugallymlar Maksatnamasy” üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu Maksatnama Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde we Daşoguz, Mary, welaýatlarynda ýerleşýän Amerikan burçlarynda geçiriler. Balkan welaýatyndan gatnaşyjylar bolsa Aşgabatda geçiriljek bölümine onlaýn ýagdaýda gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.
Alty aý dowam etjek bu maksatnamada gatnaşyjy mugallymlar okuwçylaryň işine baha bermek, anyk görkezmeler bermek, synpda işjeň we aragatnaşyk çärelerini ulanmak we okuwçylara gönükdirilen okuw usuly ýaly maglumatlar derňewi bilen tanyşarlar.
Arzalary tabşyrmagyň iň soňky güni 19-njy iýul, sagat 17: 00.
Arza blankasy we beýleki giňişleýin maglumatlar Amerikan medeniýet merkeziniň (konsullygynyň) web sahypasynda ýerleşdirilen. https://americancouncilstm.org/category/program_applications/.