Angliýanyň öňdebaryjy 4 klubunyň köýnekçesini geýen Rahim Sterling karýerasyny Niderlandlaryň çempionatynda dowam eder. 31 ýaşyndaky iňlis ýarymgoragçysy Rotterdamyň “Feýenoord” topary bilen möwsümiň ahyryna çenli erkin agent ýagdaýda şertnama baglaşdy.
2011-nji ýylda “Liwerpulda” futbola başlan ýyldyz oýunçy 2015-nji ýylda “Mançester Siti” toparyna geçdi. Şäherlileriň düzüminde 7 möwsüm ýokary depginde oýun görkezen Sterling bu toparda 339 duşuşykda 131 gol geçirdi. 2022-nji ýylda “Çelsiniň” düzümine goşulan Sterling londonlylaryň hatarynda 2 möwsüm oýnap, geçen möwsümde “Arsenalda” kärendesinde çykyş etdi. Şu möwsümde-de 1 gezek hem resmi duşuşyk geçirmedik Sterling “Feýenoordda” 19-njy belgili köýnekçäni geýer. Asly ýamaýkaly bolan Sterling Angliýanyň milli ýygyndysynda 82 duşuşykda 20 goly öz adyna ýazdyrdy.
PDF









