28-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň aýdym-saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi.
Konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplary folklor-döredijilik sahnalary, aýdymlar we tanslar bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem çäräniň dowamynda türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan nepis türkmen halylaryndan, dürli haly önümlerinden, milli şaý-seplerden, milli lybaslardan, saz gurallaryndan we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi guraldy.
Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.