Antarktida geografik gözlegleriň taryhynda iň soňky açylan yklym bolsa-da, bu yklym barada entek öwrenmäge zat köp. Ýer şarynyň iň günorta ujunda ýerleşýän bu yklym barada nämeleri bilýäris?
Antarktida Ýer şarynyň iň gurak yklymy bolup, resmi taýdan çöl hasaplanýar. Sowuk howa, güýçli ýeller bu yklymda çyglylygyň pes bolmagyna sebäp bolup, bulutlaryň emele gelmegini kynlaşdyrýar. Şol sebäpli bu ýerde köplenç gurak howa bolup, ýagyş ýagmaýar.
Antarktida dünýäniň ýedi yklymynyň biri bolup, ululygy boýunça Ýewropadan we Awstraliýadan öňde durýar.
Antarktidanyň 98 göterimden gowragy buz bilen örtülendir. Bu yklymda dünýäniň ähli buzlugynyň 90 göterimi saklanyp, Grenlandiýa ikinji orunda durýar. Eger-de, bu yklymdaky buzluklaryň hemmesi erese, deňiz derejesiniň, takmynan 60 metre çenli beýgeljekdigi çaklanylýar.
Antarktida Ýer şarynyň iň çalt gyzýan ýerleriniň biridir.
Kenarlarynda köp mukdarda balyk tutulýan Antarktidada pingwin sürülerine, guşlaryň käbir görnüşlerine duş gelmek bolýar.
Halkara derejesinde girizilen düzgünlere görä, bu ýerde dag-magdan känlerini gazyp almak we mineral gözleg işlerini geçirmek gadagan.
Ýagyn ýagmaýan hem bolsa Antarktidada täsin tebigy hadysalara duş gelmek bolýar. Şolaryň biri hem buz kristallarynyň howadaky hereketidir. Millionlarça buz bölejikleri Gün şöhlesine ýalpyldap, şemally howada ýokary göterilýär. Bu hadysa başgaça «göwher tozany» diýlip hem atlandyrylýar.
Antarktidanyň gündogaryndaky Teýlor buzlugynyň bir bölegi bolan «Gan şaglawugy» 100 ýyldan gowrak wagtdan bäri alymlaryň ünsüni çekýär. Bu täsin tebigy hadysa 2017-nji ýylda öwrenilende ýerasty kölden syzyp çykýan suwda ýokary derejede duz we oksidlenen demriň bardygy ýüze çykaryldy. Suw howa bilen täsirleşende düzümindäki duz we demir gyzyl reňke öwrülýär.
Antarktidada howanyň ortaça temperaturasy -57 dereje bolup, howa 90 dereje sowukdan, 8 derejä çenli ýyly bolýar. Bu ýere syýahata gitmek isleýänler ýörite eginbaşlary geýmeli bolýarlar. Antarktidada resmi taýdan howa menzili bolmasa-da, kiçiräk uçarlara niýetlenen uçuş-gonuş zolaklary bar. Bu yklyma gämili hem baryp bolýar.
Winson dagy Antarktidanyň iň beýik depesi bolup, beýikligi 4 müň 892 metre barabar. Antarktidada köp sanly wulkan bar. Olaryň ikisi işjeň. Bu ýerdäki Erebus dagy Ýeriň iň günortasyndaky işjeň wulkan hasaplanýar.