Soň­ky ýyl­lar­da An­tark­ti­ka sy­ýa­hat ed­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Has ra­hat we kuw­wat­ly gä­mi­le­riň gu­rul­ma­gy buz­ly we gar­ly yk­ly­ma ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­ha­ty ýe­ňil­leş­dir­ýär. Is­pa­ni­ýa­nyň «El País» ne­şi­ri bu yk­ly­myň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri we onuň te­bi­ga­ta tä­si­ri ba­ra­da ha­bar taý­ýar­lap­dyr. Ha­bar­da ping­win­le­riň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­niň sy­ýa­hat­çy­la­ryň has köp ün­sü­ni çek­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar ka­şaň gä­mi­ler ar­ka­ly ol ýe­re bar­ýar­lar. Sy­ýa­hat­çy­lar bu tä­sin sy­ýa­hat­da ping­win şe­kil­li eşik­le­ri geý­ýär­ler, ol ýer­de deň­ze gi­rip su­wa dü­şüp görýär­ler hem-de An­tark­ti­ka­nyň bu­zun­dan içim­li­gi­ne go­şup içip gör­ýär­ler. Ho­wa­nyň maý­lam­agy, adam­la­ryň has köp bar­ma­gy ne­ti­je­sin­de se­bit­de gök meý­dan­la­ryň çäginiň giňeýändigi bel­le­nil­ýär.
Hal­ka­ra An­tark­ti­ka sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry bi­le­le­şi­gi­niň (IAA­TO) mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 1990-njy ýyl­lar­da 7 müň tö­we­re­gi adam An­tark­ti­ka bar­ýan bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 2017-nji ýyl­da 44 mü­ňe, ge­çen ýyl 125 mü­ňe ýe­tip­dir.

Ene ATA­ÝE­WA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň ylmy işgäri.