Britaniýa Antarktika barlag edarasy (BAA) Antarktikadaky gözleg beketlerinde işlemek üçin işgär alandyklaryny, ýene-de boş iş orunlarynyň bardygyny mälim etdi. Boş iş orunlarynyň arasynda deňiz biology, saglygy goraýyş we howpsuzlyk maslahatçylary, tehniki işgärler, inženerler, agaç ussasy, aşpez, elektrik, sanitar tehnigi ýaly dürli kärler bar. Edara geljek üç aýyň dowamynda has köp boş iş ornuny mälim eder.
Aýlygyň ýylda 29 müň 273 funt sterlingden ýokary boljakdygy, Antarktikada bolnan wagtynda ýaşaýyş jaý, nahar, syýahat, iş egin-eşikleri, ulag we okuw ýaly ýaşaýyş üçin gerek bolan ähli zerurlyklaryň üpjün ediljekdigi mälim edildi. Iş şertnamasynyň möhleti 6-18 aý aralygynda üýtgeýär. Işe ýüz tutan dalaşgärler Angliýada geçiriljek okuw sapaklaryna gatnaşmaly bolarlar. Angliýada işlemäge rugsady bolan daşary ýurtlular hem bu iş üçin ýüz tutup bilerler.
Ýeriň Günorta polýusy bolan Antarktikada ýerli ýaşaýjy ýa-da hemişe şol ýerde ýaşaýan ilat ýok. Ol ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň ylmy-barlag merkezleri, beketler we dürli gözlegleri geçirmek üçin degişli desgalary bar. Antarktikada wagtlaýyn ýaşaýanlaryň sany tomus paslynda (bizde gyşa gabat gelýär) 5 müňe, aňzakly gyş günlerinde (bizde tomus aýlary) müňe düşýär.