Aziýanyň Ösüş banky (AÖB) Täjigistana ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryny goldamak üçin 1,1 milliard amerikan dollaryny berer. Ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon golaýda ýurda ilkinji gezek sapar bilen bu iri maliýe edarasynyň prezidenti Masato Kanduny kabul etdi.
Taraplar söhbetdeşlikde özara hereketleriň esasy ugurlaryny hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Täjik lideri AÖB-niň ýurduň durmuş-ykdysady infrastrukturasynyň ösüşine uly goşant goşýandygyny belledi.
Täjigistan bilen özara hyzmatdaşlygyň geçen döwründe Aziýanyň Ösüş banky bu ýurtda umumy bahasy 3 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 200-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi.