Fransiýanyň “Flying Whales” kompaniýasy 2027-nji ýyla çenli uzynlygy 200 metr bolan “LCA60T” atly äpet dirižably gurmagy we synagdan geçirmegi meýilleşdirýär. Ini 50 metr boljak täze dirižabl bir gatnawda 60 tonna ýük daşamaga ukyply bolar. Onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 100 kilometre ýeter.