Afrikanyň köp bölegini dünýäniň iň uly çöli hasaplanýan Sahara eýeleýär. Şeýle-de bolsa, dünýäniň iň uzyn derýalarynyň biri bolan Nil hem bu ýerden akyp geçýär. Afrikada dünýäniň beýik daglary, gür tokaýlary, derýalary we beýik şaglawuklary hem bar. Günorta Afrika Respublikasynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Krýuger milli seýilgähinde bolsa, dürli jandarlary we täsin ösümlikleri görmek bolýar. 19 müň 485 kwadrat kilometri eýeleýän, aýratyn goralýan bu sebit Afrikada tebigy ýaşaýşyň bolan iň giň sebitleriniň biri hasaplanýar. 1926-njy ýylda esaslandyrylan goraghana ýurduň 1825-1904-nji ýyllarda ýaşap geçen ýolbaşçysy Paul Krýugeriň ady dakylypdyr. Bu ýerde süýdemdirijileriň 248, guşlaryň 505 we süýrenijileriň 118 görnüşi gabat gelýär.
Günorta Afrika Respublikasynyň Milli seýilgähleriniň (SANPARKS) maglumatlaryna görä, seýilgähiň tapawutly aýratynlygy bu ýerde Afrikanyň iň uly 5 jandarynyň ýaşamagydyr. Bu ýerde ýolbars, bars, gara kerk, Afrika pili we Afrika gäwmişi ýaşaýar. Şeýle hem tebigy seýilgähde Afrika ýabany iti, geçigaplaň, menekli syrtlan, žiraf, zebra, antilopa we krokodil ýaly iri jandarlara gabat gelmek bolýar. Ösümlikleriň we agaçlaryň iki müňe golaý görnüşi ösýän tebigy seýilgähiň köp ýerini gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlar tutýar. Bu ýere tebigy ýaşaýşy görmek üçin barýan myhmanlar hem az däl. Afrikada şeýle ýerleri görmek üçin edilýän gezelençlere «safari» diýilýär. Aslynda, Ýewropa we beýleki dillere arapçadan geçen bu söz aw etmek maksady bilen tokaýa gitmek manysynda ulanylýan eken. Häzirki wagtda bolsa myhmanlary ýörite ulaglar arkaly bellenen aralykda ýolbeletleriň gözegçiliginde amala aşyrylýan gezelenje aýdylýar. Bu gezelençler jandarlary we medeni ýaşaýşyň bolan ýerlerinde gabat gelmeýän ösümlikleri görmäge mümkinçilik berýär. Adatça, bu gezelençlerde ulagdan düşmäge rugsat berilmeýär. Ýolbeletler bu ýeriň şäherleriň golaýynda ýerleşýän haýwanat baglaryndan düýpgöter tapawutlydygyny ýatladýarlar. Tebigy seýilgähiň gaty az ýerinde ýöremäge rugsat edilýär. Sebit yssy bolany üçin gezelençler ir ertir ýa-da giç öýländen soňra guralýar. Ýolbeletler bu seýilgähiň adamlaryň barmagyna rugsat edilýän ýerlerini görmek üçin üç günüň gerekdigini belleýärler. Şeýle hem seýilgähiň ähli ýerine baryp bolmaýar.
Tebigy ýaşaýşy görmäge gelýänlere hödürlenýän hyzmatdan alynýan girdeji bu ýerdäki jandarlary we ösümlikleri gorap saklamak üçin sarp edilýär.