Angliýanyň çempionatynda 6-njy tapgyrda “Liwerpul” myhmançylykda “Kristal Palasdan” 2-1 hasabynda asgyn gelip, şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Sarryň 9-njy minutdaky goly bilen öňe geçen londonlylaryň ýeňiş goluny 90+8-nji Nketia öz adyna ýazdyrdy. “Liwerpulyň” ýeke-täk goluny bolsa Kieza derwezä girizdi. Umumylykda 18, çempionatda 12 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Kristal Palas” häzirki wagtda APL-niň ýeňlişsiz ýeke-täk toparydyr. Ilkinji gezek başdaky 6 oýunda ýeňilmedik “Kristal Palas” üçin bellenen statistikalar klubuň taryhynda öň hasaba alynmandy.
“Mançester Ýunaýtediň” myhmançylykda “Brentforddan” 3-1 hasabynda utulan tapgyrynda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Börnlini” 5-1 ýeňdi. “Sitiniň” gollarynyň 2-sini Estew öz derwezesinden, beýlekileri-de Holann (2) bilen Nunýeş derwezä girizdi. “Çelsi” topary-da öz meýdançasynda 1-0 öňe geçendigine garamazdan, 90-njy minutdan soň 2 gol geçirdip, “Braýtondan” 3-1 hasabynda ýeňildi. London şäheriniň wekili 2-nji ýarymyň agramly bölegini 1 oýunçy kem oýnady.
Tapgyryň merkezi oýnunda “Arsenal” myhmançylykda “Nýukasly” garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, soňky minutlarda geçiren gollary esasynda ýeňşini baýram etdi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Arsenalyň” gollaryny 84-nji minutda Merino bilen 90+6-njy minutda Gabriel, ýer eýeleri “Nýukaslyň” ýeke-täk pökgüsini-de 34-nji minutda Woltemade derwezä girizdi.
6-njy tapgyryň netijeleri:
Brentford – Mançester Ýunaýted: 3-1 (Tiago 8, 20, Ýensen 90+6 – Şeşko 26),
Kristal Palas – Liwerpul: 2-1 (Sarr 9, Nketia 90+8 – Kieza 87),
Lids – Bornmut: 2-2 (Rodon 37, Longstaff 54 – Semenýo 26, Krupi 90+3),
Mançester Siti – Börnli: 5-1 (Estew 12 ö.d., 65 ö.d., Nunýeş 61, Holann 90, 90+3 – Antoni 38),
Çelsi – Braýton: 1-3 (Fernandes 24 – Welbek 77, 90+10, De Keýper 90+2),
Nottingam Forest – Sanderland: 0-1 (Aliderete 38),
Tottenham – Wulwerhempton: 1-1 (Palinýa 90+4 – Bueno 54),
Aston Willa – Fulham: 3-1 (Watkins 37, MakGinn 49, Buendia 51 – Himenes 3),
Nýukasl – Arsenal: 1-2 (Woltemade 34 – Merino 84, Gabriel 90+6),
Ewerton – West Ham (şu gije)