“Apple” kompaniýasy “iPhone 17” seriýasyna degişli has elýeterli bahaly telefon tanyşdyrdy. “iPhone 17e” atly telefon 599 dollar başlangyç baha bilen müşderilere ýetiriler. 4-nji martdan başlap internet arkaly sargyt kabul ediljek smartfon 11-nji martda dükan tekjelerinde orun alar.
Ulanyjylara ýetiriljek smartfonlaryň arasynda gara we ak reňklisinden başga-da, “ýumşak” gülgün reňklisi hem bar. Täze nesil “A19” çip oturdylan “iPhone 17e” 6,1 dýuýmlyk ekran bilen üpjün edilipdir. Telefonda 48 megapiksel durulygynda kamera ulgamy bar.
PDF









