“Brand Finance Global 500” agentligi dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawyny düzdi. Agentligiň wersiýasyna görä, “Apple” kompaniýasy dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi. 2025-nji ýylda brendiň bahasy 607,6 milliard dollara ýetip, 2024-nji ýyldaky görkezijisinden 6% ýokarlandy.
Ikinji orunda 565,2 milliard dollar baha bilen “Microsoft”, üçünji orunda bolsa 433,1 milliard dollar bahasy bolan “Google” ýerleşýär.
Dördünji orny 369,9 milliard dollar bilen “Amazon” eýeleýän bolsa, ilkinji bäşligi 184,3 milliard dollar baha bilen “Nvidia” jemleýär.
Geçen ýyl “Brand Finance”-iň sanawynda ilkinji dörtlük üýtgewsiz galypdy, ýöne şonda bäşinji orny “Walmart” brendi eýeläpdi.
PDF









