Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar ho­wa­nyň maý­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ula­ny­ly­şy­ny azal­dyp, aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den has köp peý­da­la­nar­lar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi, ag­za ýurt­lar hem-de Ýew­ro­pa Par­la­men­ti aras­sa ener­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Yla­la­şy­ga gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 42,5 gö­te­ri­mi ýel tur­bi­na­la­ry we Gün be­ket­le­ri ýa­ly aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün edi­ler. Bu gör­ke­zi­ji­niň 45 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­me­gi hem müm­kin. Hä­zi­re çen­li 2030-njy ýy­la çen­li sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 30 gö­te­ri­mi­niň aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ma­gy göz öňün­de tu­tu­lyp­dy.
Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ýew­ro­pa­da ener­gi­ýa­nyň 22 gö­te­ri­mi al­ter­na­tiw usul­lar ar­ka­ly ön­dü­ril­ýär. Tä­ze yla­la­şy­ga gö­rä, äh­li ag­za ýurt­lar aras­sa ener­gi­ýa geç­mek üçin bel­le­nen umu­my mak­sa­da go­şant goş­ma­ly bo­lar­lar.
Gat­naw, se­na­gat, bi­na­lar we ýy­la­dyş ul­gam­la­ry üçin mak­sat­lar bel­le­ner. Gat­naw pu­da­gyn­da sarp edil­ýän ener­gi­ýa­nyň 29 gö­te­ri­mi aras­sa çeş­me­ler­den al­nar. Se­na­gat­da bol­sa, aras­sa ener­gi­ýa­nyň pa­ýy her ýyl 1,6 gö­te­rim art­dy­ry­lar.

Ataş Gan­dy­mow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.