Dün­ýä­de seý­rek duş gel­ýän ek­zo­tik mi­we­le­riň bi­ri ara­za ha­sap­lan­ýar. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň Ama­zon­ka to­ka­ýyn­da ös­ýän bu mi­wä Ama­zon gua­wa­sy hem di­ýil­ýär. Ara­za örän şi­re­li mi­we bo­lup, köp­lenç doň­dur­ma taý­ýar­la­mak üçin ula­nyl­ýar. Köp adam bu mi­wä­ni ter­li­gi­ne iýip bil­me­ýär. Se­bä­bi ara­za örän tur­şy bo­lup, dü­zü­min­de ýo­ka­ry de­re­je­de kis­lo­ta sak­lan­ýar. Bu mi­wä­niň tur­şu­ly­gy li­monyňky­dan iki es­se ýokary.
Yl­my dil­de «Eu­ge­nia sti­pi­ta­ta» di­ýil­ýän bu mi­wä­niň reň­ki sa­ry bo­lup, için­de bir­nä­çe çi­gi­di we top­bak-top­bak öze­ni bol­ýar. Içi boş ýa­ly gö­rün­ýän sa­ry mi­wä­niň ulu­ly­gy be­hi ýa­ly bol­ýar. Da­şyn­dan al­ma ça­lym ed­ýän bu mi­wä­niň aga­jy­nyň bo­ýy 3-12 met­re çen­li ýet­ýär. Ak hoş­boý ys­ly gül­le­ri bo­lan ara­za aga­jy üç ýyl­dan soň ha­syl be­rip baş­la­ýar. Bir düýp ara­za aga­jyn­dan 20-35 ki­log­ram hasyl alyp bol­ýar. Ek­zo­tik mi­we il­ki­baş­da ýa­şyl bo­lup, sa­ral­dy­gy­ça hoş­boý ys çy­ka­ryp baş­la­ýar. Mi­we aşa şi­re­li we tur­şy bo­lan­dy­gy se­bäp­li, çalt za­ýa­lan­ýar. Şol se­bäp­li ara­za mi­we­si­ni uzak ýo­la äki­dip bol­ma­ýar. Mi­wä­niň dü­zü­min­de köp mukdarda suw, şeýle hem be­lok, ug­le­wod we sü­ýüm bar. Turşy mi­we­de A, C, B1, E wi­ta­mi­ni, fos­for, mag­niý, ka­liý we kal­siý sak­lan­ýar.