9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap şypahananyň täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýşyny we derman senagatyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolandygyny, munuň aýratyn şanly sene bolup durýandygyny belläp, maksatnamanyň kabul edilen wagtyndan bäri lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylýandygyny, bu ugurda döwletimiz tarapyndan köp serişdeleriň goýberilýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasynda täze gurlan 400 orunlyk goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynda birnäçe köpugurly bölümleriň hereket etjekdigini, olaryň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini aýdyp, şypahanada raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini, dynç alýanlaryň, şeýle hem maşgala bolup dynç alýanlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleri üpjün edýän otaglaryň ýerleşdirilendigini belledi.
Bellenilişi ýaly, täze gurlan bejeriş binalar toplumy dört gatdan ybarat bolup, onda dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi. Şypaly suw bilen bejeriş binasy bir wagtyň özünde 100 adama wanna bejergisini bermäge niýetlenendir. Mundan başga-da, binada mineral suw bilen bejermek usullaryny amala aşyrmak üçin birnäçe bejeriş otaglary ýerleşdirildi. Täze binalar toplumynda dürli görnüşli melhemlik otlardan taýýarlanyp berilýän fitobar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, fizioterapiýa usullary ulanylýar.
Döwrebap şypahanalar, sport desgalary we sagaldyş merkezleri halkymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagyny üpjün edýär. Çünki sagdyn millet güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri dabaraly ýagdaýda «Arçman» şypahanasynyň täze açylýan 400 orunlyk binasynyň açylyş toý bagyny kesdi.
Halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyryldy
6 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan şypahanada keselleri anyklamak we bejermek işleri ýerine ýetirilýär. Binanyň anyklaýyş otaglarynyň ählisi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bölümlerde ornaşdyrylan enjamlaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarydygyny we olaryň sebitde iň täzeleridigini bellemek gerek. Bu ýerde galwanik, fitowanna, SPA-kapsula, infragyzyl sauna, ozonoterapiýa, galoterapiýa, aeroionoterapiýa, parafin, UWÇ we şöhle arkaly bejergiler amala aşyrylýar.
Bejeriş işlerinde tebigy serişdeleriň we dermanlyk ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerine giň orun berilýär. Mineral suw içilýän binada Köpetdagyň eteginden gözbaş alýan 24 mikroelemente baý mineral suw hödürlenilýär. Onuň bir litrinde 14 — 16 milligrama barabar kükürt-wodorody bolup, mineral suwuň içiliş tertibi iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde her bir raýata aýratyn, aşgazanyň turşulygynyň ýagdaýyna görä, lukman tarapyndan bellenilýär.
Şypaly suw bilen bejeriş binasynyň bir wagtyň özünde 100 raýaty kabul etmäge mümkinçiligi bar. «Arçmanyň» şypaly suwunyň esasynda kükürtli-wodorodly bejeriş wannalary gan aýlanyşygyny gowulandyrmakda hem-de deri kesellerinde ýaramly bolup, nerw ulgamynyň işjeňligini we bedeniň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Mundan başga-da, şypahanada dermanlyk otlar bilen taýýarlanýan fitowannalar, aromaterapiýa we ingalýasiýa bejergileri dem alyş hem-de nerw ulgamyny rahatlandyryp, bedeniň gorag ukyplaryny we immunitetini ýokarlandyrýar.
Bejeriş bölüminde owkalama, fizioterapiýa, pressoterapiýa bejergileri amala aşyrylýar. Munuň özi oňurga, bogun, myşsa agyrylaryny aýyrmaga, madda çalşygyny we gan aýlanyşygyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem bu ýerde bejeriş bedenterbiýesi otagy hereket edýär. Dynç alýanlar üçin amatly şertler döredilen bir orunlyk, iki orunlyk, maşgala üçin niýetlenen we lýuks otaglar göz öňünde tutulypdyr. Raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin binada bejeriş maksatly otaglardan başga-da, dynç alyş we jemgyýetçilik otaglary hem hereket edýär. Bu ýerde dietolog lukman tarapyndan ýörite düzülen aýry-aýry berhiz nahar sanawyny öz içine alýan 400 orunlyk naharhana, internet zaly, mejlisler zaly hem-de fitobar ýerleşýär. Fitobarda myhmanlara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde beýan edilen ösümliklerden taýýarlanan dürli çaýlar we içgiler hödürlenilýär.
Binanyň daş-töweregindäki ýaşyl meýdançada ýodalar we telärler göz öňünde tutulyp, gezelenç üçin goşmaça şertler döredilipdir. Mundan başga-da, näsaglaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin toplumyň çäginde sport we oýun meýdançalary hem bar. Şypahanada döredilen bu toplumlaýyn şertler raýatlaryň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Halkara şahadatnamalar gowşuryldy
Ilki bilen, «ASKIN & CO GmbH» we «Med-Lab-GmbH» kompaniýalarynyň Baş direktory Ralf Paul Lugbauere söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzy we dabara gatnaşyjylary mübärekläp, «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de şypahanada iň döwrebap lukmançylyk we bejeriş enjamlarynyň üstünlikli gurnalandygyny we ulanmaga berlendigini tassyklaýan Ýokary hil şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra «H2S in Balneology Global Initiative» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti, Stambul uniwersitetiniň lukmançylyk ekologiýasy we gidroklimatologiýa boýunça professory Müfit Zeki Karagülle çykyş edip, hemmeleri bu şanly waka bilen gutlady hem-de şypahana ylmy hyzmatdaşlygy, bilim we okuw işlerini, ylmy-barlaglary hem-de kükürt-wodorodly balneologik serişdeleriň jogapkärçilikli kliniki taýdan özleşdirilmegini ösdürmäge we goldamaga ygrarlydygyny tassyklaýan Resmi hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde bellenilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylýandygyny yglan etdi.
«BTL Industries Limited» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Bairta Bermana söz berildi. Ol bu dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berdi hem-de wekilçilik edýän kompaniýasy tarapyndan «Arçman» şypahanasyna halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman fizioterapiýa binýadynyň döredilendigini, BTL tehnologiýalarynyň doly integrasiýa edilendigini hem-de dikeldiş kömeginiň ýokary derejesine ygrarlydygyny tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylýandygyny aýtdy.
Soňra Balneologiýa we klimatologiýa akademiýasynyň prezidenti Kurt fon Ştorh çykyş edip, bu şanly waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgasynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berip, «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we dabaraly açylyşy ugrunda gazanylan üstünliklere, öňdengörüjilikli başlangyçlara we ýokary derejeli yhlasly zähmete goýulýan çuňňur hormatyň, minnetdarlygyň nyşany hökmünde Minnetdarlyk şahadatnamasyny gowşurdy.
PDF




