21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurdumyzyň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, yssy we sowuk howalara çydamly, elmydama ýaşyl öwüsýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler.
Alym Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap, bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmen arçasy häzirki wagtda Ahal welaýatynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatda zähmet çekýän telekeçi bagbanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde ýer böleklerini alyp, ylmy işleri alyp barmak bilen, türkmen arçasynyň dürli görnüşlerini döredendiklerini, bu baglaryň welaýatyň etraplarynda ekilýändigini uly buýsanç bilen belleýärler. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny has-da rowaçlandyrýar, bu ugurda iş alyp barýan hususyýetçileri hemmetaraplaýyn goldaýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça durmuş maksatly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda ulanylýan, halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyndaky depginli işler barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, bu çäräni ýokary derejede geçirmäge döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol öňde boljak çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda edilýän işler barada habar berdi.
Ählihalk bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şol bir wagtyň özünde, bu künjegiň howa gurşawynyň ýakymly bolmagynda, ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen iş maslahatynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin gurluşyk işleri bilen bir hatarda, türkmen halkyna mahsus asylly işleriň ýokary derejede alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda bina edilýän desgalaryň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, şäheriň ähli çäkleriniň, ýollarynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.