Arkadag şäheriniň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, Arkadag şäheri adamlaryň durmuşy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Köpetdagyň eteginde döredilen bu şäher diňe bir ýurdumyzyň obalary we şäherleri üçin däl, eýsem, goňşy sebitler üçin hem ekologiýa abadançylygynyň nusgasy bolup durýar. Bu ýerde gurlan sanly ulgam esasynda iş alyp barýan edara-kärhanalar, durmuş maksatly desgalar, döwrebap elektrobuslary we elektrotaksileri öz içine alýan ulag-kommunikasiýa ulgamy ekologiýa gurşawyň abadançylygyny üpjün edýär.
Watanymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde peýda bolan döwrebap we ösen şäher hakynda okyjylar köpçüligine gürrüň berilýän Gahryman Arkadagymyzyň «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabynyň täze şäheriň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda neşir edilmegi şanly dabara mynasyp sowgat boldy.
Ýokary derejede çap edilen neşirde döwrebap binalaryň we desgalaryň aýratynlyklaryny şekillendirýän owadan fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi, bu bolsa ony giň okyjylar köpçüligine, şol sanda daşary ýurtly okyjylara elýeterli edýär.
Kitapda «Gadymy toprakda dörän gudrat», «Gurýan döwlet – gurply döwlet», «Arkadag şäheri – döwlet ähmiýetli şäher», «Arkadagda «akylly» şäher konsepsiýasy», «Akylly» şäheriň «akylly» ulaglary», «Akylly» öý hyzmatlary», «Ekologiýa abadançylygy ugrunda», «Ýaşyl» tehnologiýalar – «ýaşyl» ykdysadyýet», «Tenekar topragyň şirin nygmaty», «Belent hormatyň nyşany», «Ösüşinde bedewleriň bady bar», «Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri», «Gözelligiň şäheri», «Dowamata dowam şäher», «Goý, halkymyz eşretli durmuşda ýaşasyn!» atly bölümler bar.
Kitabyň bölümlerinde ajaýyp şäheriň özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy çeper beýan edilýär hem-de ýurdumyzyň şeýle ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydygy şöhlelendirilýär. Täze kitabyň tanyşdyryş dabaralary ýurdumyzda guramaçylykly geçirilýär. Dabara gatnaşyjylar «geljegiň şäheri» bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan täze neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagynyň aýratyn özüne çekiji bolandygyny belleýärler. Bu kitap ähli raýatlarymyz üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolsa, daşary ýurt okyjylaryny Arkadagly Serdarymyzyň we
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly innowasiýalara esaslanyp alnyp barylýan ägirt uly şähergurluşyk işleri bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Şeýle hem Arkadag şäherini durmuşyň ähli ugurlarynda ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyndan ugur alýan ýurdumyzyň ykdysady, ylmy we tehnologik ösüşiniň subutnamasy hökmünde altyn harplar bilen Türkmenistanyň häzirki taryhynyň ýyl ýazgylaryna giren «geljegiň şäheri» diýip belleýärler.