Hä­zir­ki wagt­da Kö­pet­da­gyň aja­ýyp dag etegin­de ýer­leş­ýän san­ly, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk we «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan Ar­ka­dag şä­he­ri­ni döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy esa­syn­da bi­na edi­len we mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ut­gaş­dy­ry­lan kün­je­gi bo­lan bu şä­he­riň in­ter­net ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri hem bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Go­laý­da Gahryman Arkadagymyz şä­he­riň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­niň döw­re­bap de­re­je­de kä­mil­leş­di­ril­me­gine ak patasyny berdi. Ar­ka­dag şä­he­rin­de sy­nag gör­nü­şin­de gur­na­lan 4G+ ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my işe goý­be­ril­di. Şeý­le hem bu ýer­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za il­kin­ji ge­zek Ar­ka­dag şä­he­rin­de or­naş­dy­ryl­jak 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, onuň gur­şap al­ýan çä­gi we bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň de­giş­li dü­züm­ler­dir pu­dak­lar üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­di. Şun­da 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny bu ýer­de sy­nag gör­nü­şin­de goý­ber­mek üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­syn­dan bir­nä­çe bin­ýat­ly ara­gat­na­şyk be­ke­di­niň ge­lip gow­şan­dy­gy bel­le­nil­di. 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň mag­lu­mat ge­çi­ri­ji­li­gi ýo­ka­ry bo­lup, ol yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly bi­rik­me­le­ri üp­jün ed­ýär. 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň «Türk­me­nÄ­lem 52oE» eme­li ara­gat­na­şyk hem­ra­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri esa­syn­da iş­le­me­gi ýy­gy­lyk zo­la­gy­nyň işi­niň de­giş­li de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny üp­jün eder.
4G+ in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­sy 4G in­ter­net ul­ga­my­nyň tä­ze­le­nen gör­nü­şi­dir. Bu teh­no­lo­gi­ýa in­ter­net ul­ga­my­nyň tiz­li­gi­ni 2 es­se art­dy­ryp, 150 Mbit/s-den 300 Mbit/s-e ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Üç dia­pa­zon­ly 4G+ in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­sy bol­sa, in­ter­ne­tiň tiz­li­gi­ni 300 Mbit/s-den hem ýo­ka­ry ýe­tir­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe­dir. Umu­man, 4G+ in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­sy LTE-A, LTE-Advanced ýa-da 4.5G ady bi­len hem ta­na­lyp, 4G in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň has çalt­lan­dy­ry­lan gör­nü­şi­dir.
3G – üçün­ji ne­sil internet aragatnaşyk ul­ga­my bolup, hereketli şekilleri we göni wideoaragatnaşygy ýola goýup, ara­gat­na­şyk gur­mak usu­ly­my­zy düýgöter öz­gert­di. 4G tor­la­ry has go­wy mag­lu­mat nyrh­la­ry we ula­ny­jy tej­ri­be­si bi­len ös­di. 5G ba­ra­da aý­dy­lan­da, tiz­lik hem­me­le­riň teh­no­lo­gi­ýa bi­len gy­zyk­lan­ýan il­kin­ji za­dy. LTE ösen teh­no­lo­gi­ýa­sy, 4G tor­la­ryn­da 1 GBPS çen­li mag­lu­mat tiz­li­gi­ne ukyp­ly. 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy, sy­nag wag­tyn­da yk­jam en­jam­lar­da 5-10 GBPS we 20 GBPS-den ýo­ka­ry mag­lu­mat de­re­je­si­ni gol­da­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly­laş­dyr­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ul­gam­la­ýyn me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň mö­hüm ug­ry hök­mün­de kes­git­le­di. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na da­ýan­ýan yk­dy­sa­dy iş bo­lup dur­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ösen ýurt­la­ryň tej­ri­be­si­niň gör­ke­zi­şi ýa­ly, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ola­ra öňe iler­le­mä­ge we dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ýan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te ge­çir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi ta­ra­pyn­dan döw­re­bap 5G ül­ňü­le­ri­ni ýur­du­myz­da işe goý­ber­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri öw­re­nil­ýär.
5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­li­gi­niň has ýo­ka­ry­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, hu­su­san­-da «Akyl­ly şä­her» we «Akyl­ly öý» ul­gam­la­ry­ny, zatlaryň in­ter­netini (IoT), za­wod­dyr fab­rik­le­ri san­ly ul­gam ar­ka­ly do­lan­dyr­mak iş­le­rin­de, önüm­çi­lik­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar.

Di­dar BER­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.