29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şähergurluşyk taslamasy bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir.
Şol gün şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde köp sanly ýaşaýjylara döwrebap jaýlardan ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy. Munuň özi täze göçüp gelen ýaşaýjylar üçin goşa baýramçylyk boldy.
Şatlykly pursatlar ähli ýeri gurşap aldy. Aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, döredijilik toparlary öz ussatlygyny görkezdi. Täze öýlere göçüp gelen maşgalalar ýaşamak üçin iň aňrybaş amatlyklary üpjün edýän “akylly” öý tehnologiýalarynyň aýratynlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Täze öýlere göçüp gelen maşgalalar Watanymyzyň gülläp ösmegi, döredijilikli zähmet çekmek, ýokary derejede dynç almak üçin halkymyza amatly şertleriň döredilmegi ugrunda edýän hemişelik aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şäher häkimliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar, örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalary we başga-da köp sanly möhüm binalar ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Şäher giň şaýollar, döwrebap yşyklandyryş, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäheriň ilatyna we myhmanlaryna häzirki zaman ulaglary ýokary derejede hyzmat edýär.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, önümçilik pudaklaryny ösdürmek bilen bagly durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda iri şähergurluşyk taslamalaryna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. Täze, döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyz özgerip, günsaýyn has gözel keşbe eýe bolýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär.
Maslahatda durnukly ösüşiň bähbidine sanly hem-de “ýaşyl” özgertmeleriň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Döwrebap tehnologiýalaryň ykdysady ösüş, döwlet hyzmatlaryny alyp barmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy, tebigy serişdeleriň dolanyşygyny kämilleşdirmek üçin uly kuwwata eýedigi nygtaldy. Ýaşamak üçin amatly şertleri döredýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden peýdalanmak döwrebap şähergurluşyk taslamasynyň köp sanly desgalarynda esasy talaplaryň biri boldy. Maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň diňe bir adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şäher bolman, eýsem, ylmy, bilimi, sporty ösdürmegiň, giň halkara hyzmatdaşlygyň, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň hem merkezi boljakdygyna ynam bildirdiler.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Çäräniň çäklerinde dürli önümleriň we işläp taýýarlamalaryň sergisi hem guraldy. Myhmanlar şäheriň binagärlik aýratynlyklaryna, onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar baradaky maglumatlar, fotosuratlar bilen tanyşdyryldy. Sergide Arkadag şäherine berlen halkara güwänamalara, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.
Agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Konsert “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Ýaşa, mähriban Arkadag!” atly kompozisiýa bilen açyldy. Bu sahna eserinde türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyza belent hormat-sarpasy öz beýanyny tapdy.
Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň birleşen döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyz — halkyň ykbalyna nur-çyragymyz» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Artistler öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzda parahatçylygyň we ylalaşygyň berk binýadyny goýan Milli Liderimiziň beýik işlerini wasp etdiler. Arkadag şäheriniň körpe aýdymçylarynyň, «Mukam» skripkaçylar toparynyň, «Şowhun», «Şatlyk», «Ruhubelent çagalar» tans toparlarynyň ýerine ýetiren «Biz bagtyň gujagynda» atly kompozisiýada türkmen halkynyň baý döredijiligi öz beýanyny tapdy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň halk artisti P.Amandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Kalbymda sen” atly aýdymyny dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tomaşaçylar zenan bagty hem-de wepadarlygy, ene söýgüsi, ata Watanymyzyň gözelligi baradaky aýdymdan ruhy lezzet aldylar. Milli Liderimiziň “Garaşyp ýazlaryň joşan wagtyna” atly ajaýyp aýdymynyň ilkinji gezek ýaňlanmagy bu dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterip, hemmeler üçin ajaýyp sowgat boldy. Konsert gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Gahryman Serdarly bagtly halkymyz, ýaşa, ýaşa, Gahryman Arkadagymyz!» atly aýdym baýramçylyk çäresiniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanan konsert uludan tutulan türkmen toýuna mahsus ruhubelentlikde geçdi. Döwrebap yşyklandyryş enjamlary dabaraly çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.