AFK-nyň Çagyryş Ligasynda çempion belli boldy. Ýurdumyzyň çempiony Arkadag topary çempionlyk gazanyp, taryhy başarnyk görkezdi. “Arkadag” topary finalda Kambojanyň “Preah Han Riç Swaý Rieng” toparyny goşmaça wagtda ýeňmegi başardy.
Kambojanyň paýtagty Pnompendäki “Morodok Techo” milli stadionyndaky duşuşyga Koreýa Respublikasyndan Kim Hi Gon eminlik etdi. Duşuşyga tomaşa etmek üçin stadiona 51 müň 610 janköýer ýygnandy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda howply pursatlar bolsa-da, toparlara hasaby açmak başartmady. 2-nji ýarymyň başlarynda, has takygy, duşuşygy 59-njy minutynda burçdan ýerine ýetirilen urguda topy kellesi bilen derwezä gönükdiren ildeşimiz Mekan Saparow hasaby açdy. Bu gola ýer eýeleri ýene burçdan ýerine ýetirilen urgynyň netijesinde jogap berdi. Oýnuň 82-nji minutynda Saret Krýa hasaby deňledi. Oýnuň esasy wagtynyň galan minutlarynda-da hasap üýtgemedi we ýeňijini goşmaça wagt kesgitlemeli boldy. Goşmaça 30 minutyň ilkinji 15 minutynda skorborddaky sanlar şol durkuna galdy. 2-nji 15 minutlygyň 7-nji minuty dolanda, has takygy, 112-nji minutda toparymyzyň ýyldyz oýunçylaryndan Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, “Arkadag” toparyny 2-1 hasabynda öňe saýlady. Galan minutlarda-da goragy berk saklan “Arkadag” topary ilkinji gezek gatnaşýan bu halkara ýaryşynda kubogyň eýesi bolmagy başardy.
Duşuşykdan soň ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip çempion toparyň başga bir ýyldyzy Şanazar Tirkişow saýlandy.
Ýaryşyň dowamynda 5 gezek tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew bäsleşigiň şu möwsüminiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.
“Arkadag” topary ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda finala çenli 7 duşuşyk geçirip, şolaryň 5-sinde ýeňiş gazandy. Günbatar sebitinde “B” toparçada Kuweýtde geçirilen duşuşyklarda Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata Kant” toparyny 2-0, Maldiwleriň “Maziýa” toparyny 2-1 hasaplar bilen ýeňdi. Ýer eýeleri Kuweýtiň “Al-Arabi” toparyndan 3-2 hasabynda asgyn gelse-de, toparçada 1-nji orny eýelän ýurdumyzyň çempiony çärýek finalda Hindistanyň “Ist Bengal” topary bilen duşuşdy. Myhmançylykda 1-0, öz meýdançasynda-da 2-1 hasaplar bilen üstün çykan “Arkadag” topary ýarym finalda ýene-de “Al-Arabi” bilen güýç synanyşdy. 1-nji oýunda arap kluby 2-0 hasabynda ýeňiş gazansa-da, ýurdumyzda uly hasap bilen ýeňen “Arkadag” topary finala adyny ýazdyrdy. Arkadag şäherinde 3-0 hasabynda ýeňen “Arkadag” topary finalda oýnamaga hukuk gazandy.
Ýaryş ilkinji gezek 2005-nji ýylda geçirilip, ol 2014-nji ýyla çenli dowam etdi. Şol 10 ýyllyk döwürde AFK-nyň Prezidentiniň Kubogy diýlen at bilen geçirilen bäsleşikde Täjigistanyň “Regar TadAZ” topary 3 (2005, 2008, 2009), Gyrgyzystanyň “Dordoý Bişkek” topary 2 (2006, 2007), Mýanmanyň “Ýadanarbon” (2010), Hytaý Taýpeýiniň “Taiwan Power Kompani” (2011), Täjigistanyň “Istiklol” (2012) hem-de ýurdumyzyň “Nebitçi” (2013) we “Ýedigen” (2014) toparlary 1 gezek ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryş 2014-nji ýylda ýatyrylyp, 10 ýyldan soň täzeçe formatda AFK-nyň Çagyryş Ligasy ady bilen täzeden dikeldildi. Täzelenen görnüşdäki ýaryşyň ilkinji çempiony-da “Arkadag” topary boldy.
Bellik: suratlar the-afc.com internet saýtyndan alyndy.