Londonda “Arsenal” topary möwsümiň başyndan bäri ähli ýaryşlarda ýeňlişsiz gelýän “Bawariýanyň” bu statistikana soňky nokady goýdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Arsenal” 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, Çempionlar Ligasynda 5-nji oýunlardan ýeňlişsiz ýoluny dowam edýän ýeke-täk topar bolup galdy. 22-nji minutda Ýurrien Timberiň goly bilen öňe geçen londonlylara 32-nji minutda münhenliler Karlyň goly bilen jogap berdi. Ýöne 2-nji ýarymda erjel oýun görkezen “Arsenal” 69-njy minutda Maduekeniň, 77-nji minutda-da Martinelliniň gollary esasynda ýeňşini baýram etdi. “Arsenal” “Bawariýany” soňky gezek 2015-nji ýylda ýeňipdi. “Bawariýa” topary şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlip, olar 18 duşuşygyň 17-sinde ýeňiş gazanypdy we 1 oýunda-da deňme-deň oýnapdy. Bu ýeňişden soň “Arsenal” topary 1/8 finala çykmagyň bosagasyna geldi. “Arsenal” topary liga tapgyryny ilkinji 24 toparyň arasynda tamamlamaga hukuk gazandy.
Portugaliýada “Sporting” topary Belgiýanyň “Klub Brýugge” topary bilen duşuşyp, Jeowani Kuendanyň, Luis Suaresiň hem-de Fransişku Trinkaonyň gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu olaryň 3-nji ýeňşi bolup, lissabonlylar 8-nji orna beýgeldi.
PDF









