UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklarynda häzirlikçe iň täsin hasap Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde hasaba alyndy. PSW öz meýdançasynda “Arsenaly” kabul edip, garşydaşyndan 7-1 hasabynda asgyn geldi. Londonlylaryň gol ýagyşy 18-nji minutda başlap, ol duşuşygyň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Esasy hüjümçileriniň ählisi şikesli bolan “Arsenal”, muňa garamazdan, taryhy hasap bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Londonlylara ýeňiş getiren gollary 18-nji minutda Timber, 21-nji minutda Nwaneri, 31-nji minutda Merino, 47-nji we 73-nji minutlarda Edegor, 48-nji minutda Trossar hem-de 85-nji minutda Kalafiori geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny bolsa 43-nji minutda penaltiden Noa Long öz adyna ýazdyrdy. “Arsenal” UEFA-nyň bu ýaryşynda utulan-çykdy tapgyrlarynda myhmançylykda 7 gol geçiren ilkinji topar hökmünde taryha girdi. Şol bir wagtyň özünde-de PSW topary taryhynda ilkinji gezek öz meýdançasynda bir oýunda 7 gol geçirtdi. Duşuşykda myhmanlaryň 2-nji goluny geçiren Nwaneri bu ýaryşda tapawutlanan iň ýaş 3-nji futbolçy boldy. Bu netijeden soň “Arsenal” adyny çärýek finala ýazdyrdy diýip, anyk aýtsa bolar. Jogap duşuşygyň 12-nji martda Londonda geçiriler.