Angliýanyň çempionatynda 29-njy tapgyrda sanawyň lideri “Arsenal myhmançylykda “Braýtony” Bukaýo Sakanyň 9-njy minutda geçiren goly esasynda ýeňdi.
“Mançester Siti” bolsa öz meýdançasynda “Nottingam Forest bilen 2-2 deňme-deň oýnady. Semenýo (31) hem-de Rodriniň (62) gollary bilen 2 gezek öňe saýlanan şäherlilere myhmanlar her sapar jogap bermegi başardy. “Nottingam Forestiň” gollaryny Gibbs-Waýt (56) bilen Anderson (76) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Şunlukda, çempionlyk ugrunda 2 utuk ýitiren “Mançester Siti” 1 oýny artyk Arsenaldan 7 utuk yza galdy.
PDF









