Dün­ýä­de ary­nyň res­mi taý­dan yk­rar edi­len 20 müň­den gow­rak gör­nü­şi bar. Ola­ryň ara­syn­da Gün­ba­tar ba­la­ry­sy has köp bo­lup, bu ary­la­ryň 500-600 gör­nü­şi bar­.
Arylar se­kunt­da 200-230 ge­zek ga­nat kak­ýar. Eşi­dil­ýän «wyz» se­si ary­la­ryň uly tiz­lik­de ga­nat ur­ma­gyn­dan eme­le gel­ýär.
Ba­la­ry­nyň öm­ri 4-6 hep­de bo­lup, «bü­tin öm­rün­de», tak­my­nan, 20 müň­den gow­rak gül­den şi­re top­la­ýar.
An­tark­ti­da ary­syz ýe­ke-täk yk­lym ha­sap­lan­ýar.
Ary­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyp baş­lan iň ga­dy­my halk ha­sap­lan­ýan mü­sür­li­ler 4 müň 500 ýyl mun­dan ozal ary ide­dip baş­lap­dyr­lar.
Uzyn­ly­gy 3 san­ti­metr bo­lan Gi­ma­laý äpet balary­sy dün­ýä­de iň uly ba­la­ry ha­sap­lan­ýar. Balary­­nyň bu gör­nü­şi kö­we­gin­de 60 ki­log­ra­ma çen­li bal top­la­ýar.
Ary­la­ryň 170 dür­li ys saý­gar­mak uky­by bar. Bu jan­dar­lar bi­ziň ys­syz ha­sap­la­ýan gül­le­ri­miziň hem ysyny alyp bilýärler.