“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “777-200 LR” kysymly uçary sişenbe güni Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji howa gatnawyny amala aşyrdy.
Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäheriniň Halkara howa menzilinde “777-200 LR” kysymly uçaryň ýolagçylary myhmansöýerlik bilen garşylandy. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentligi habar berýär.
Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär. 2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda başlan arzanladyş 31-nji marta çenli dowam edýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarlary şu ýylyň 15-nji fewralynda Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherine, 16-njy fewralda bolsa Jidda (Saud Arabystany Patyşalygy) şäherine ilkinji ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrdy.