Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýol geçelgesini döwrebaplaşdyrmak üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak üçin AÇYK HALKARA BÄSLEŞIK YGLAN EDÝÄR «TDÝUM-001»
Bäsleşige gatnaşmak üçin indiki resminamalary Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine aşakdaky salga tabşyrmaly: Aşgabat, Arçabil şaýoly, 162:
-dalaşgäriň doly adyny, kanuny görnüşini, hukuk salgysyny we rekwizitlerini görkezýän bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma;
-arza berijiniň bellige alnyşynyň we esaslandyryjy resminamalarynyň nusgalary;
-ynanç haty we arza berijiniň wekiliniň pasportynyň göçürmesi;
-tehniki ýumuşyny we bäsleşigiň resminamalar bukjasyny almaly.
Bäsleşigiň resminamalarynyň bahasy we serişdeleri geçirmek üçin bank hasaby rekwizitleri ýazmaça arza berlenden soň berler.
Teklipler diňe ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçenden soňra gözden geçirmek üçin kabul ediler.
Bellik:
-ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplaryny saklaýan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary garalmaýar;
-bäsleşige gatnaşmak üçin şuňa meňzeş taslamalary amala aşyrmak tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýalar çagyrylýar.
Bäsleşigiň resminamalary aýratyn iki paketde (tehniki we täjirçilik teklipleri) ýokarda görkezilen salga ýerli wagt bilen 09.00-dan 18.00-a çenli Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 910-njy otagyna (9-njy gat) tabşyrylmalydyr.
Bäsleşigiň tekliplerini tabşyrmagyň iň soňky möhleti, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde yglan edilen gününden başlap 30 (otuz) iş güni.
Soraglar üçin: (+99312) 39-06-27; 39-06-28; e-poçta: int@railway.gov.tm
PDF









