Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 25-nji noýabrda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň «Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» programmalary çäginde iň gowy sürüjileriň we işjeň müşderileriň sylaglanýan dabarasy boldy. Bäsleşik «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we onuň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gurnaldy. Dabarada iň köp sargyt ýerine ýetirip, üstün netijelere ýeten 20 sürüji we iň köp sargyt berýän 10 müşderi sylaglanyldy.
Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy, şol sanda ençeme ýyl bäri halkymyza halal zähmeti bilen hyzmat edýän halypa sürüjilere hem ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň maksady diňe bir sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem müşderilere hödürlenýän hyzmatyň hilini täze derejelere çykarmak boldy. Her bir sürüjiniň yhlasly zähmeti we müşderilere bolan aladasy hyzmatyň esasy gymmatlyklarynyň biridir.
Çeşme: awtoulag.gov.tm