16-njy iýunda paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy.
Küşt boýunça halkara ýaryşa Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky 129 türgen gatnaşýar. Ýaryşyň açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi boýunça uly işleri alyp barýan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan ýaryşyň guramaçylygyna örän jogapkärli we toplumlaýyn taýýarlyk görüldi.
Ýurdumyzda soňky üç ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň agzalarynyň sany 60-dan 1 müň 300 adama çenli artdy. Küşte gyzyklanmanyň barha artmagy ýurdumyzda FIDE reýtinginiň hasaby ýöredilýän ýaryşlaryň sanynyň köpelmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Meselem, 2000 — 2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda şeýle ýaryşlaryň 57-si geçirilen bolsa, diňe soňky iki ýarym ýylyň içinde olaryň sany 232-ä ýetdi. Netijede, türkmen küştçüleriniň ussatlygy we gazanýan üstünlikleri hem artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara derejeli grossmeýsterleriň sany 10-a ýetýär. Olaryň üçüsi soňky üç ýylyň içinde bu hormatly ada mynasyp boldular. Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda türkmen küştçüleri halkara ýaryşlarda 39 medal gazandylar. 2024-nji ýylda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýurdumyzyň erkek we zenan türgenler ýygyndylarynyň, degişlilikde, “B” we “C” derejede eýe bolan altyn medallary olaryň esasy ýeňişleriniň biri boldy.
Paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen, 350 okuwça niýetlenen hem-de 500-e golaý oýun ýeri bolan Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi küşt sportunyň ösüşine täze itergi berdi. Bu mekdepde diňe bir okuw-türgenleşikleri däl, eýsem, internet aragatnaşygy arkaly göni ýaýlymda islendik derejedäki ýaryşlary geçirmek üçinem ähli şertler döredilendir. Ýöriteleşdirilen mekdep Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän halkara küşt ýaryşyny ilkinji gezek kabul edýär.
Aşgabatda üç günläp dowam etjek halkara küşt ýaryşynyň dowamynda rapid we blitz görnüşleri boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda üç ýaş derejesinde, 12 medallar toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Rapid görnüşinde oýunçynyň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen, 15 minut wagt berilýär. Küştüň çalt oýnalýan blitz görnüşinde bolsa her göçüme 2 sekunt wagt goşmak bilen, her oýna 3 minut wagt berilýär. 9 tapgyryň jemi boýunça ýaryşyň medallara eýe bolan ilkinji ýeňijileri 17-nji iýunda belli bolar. Gutarnykly netijeler bolsa blitz boýunça oýunlar tamamlanandan soňra, ýagny 18-nji iýunda jemlener.
Ýaryşyň guramaçylary oňa gatnaşýanlar üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlapdyrlar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet sirkine, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähine, «Berkarar», «Aşgabat», «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görmek, Olimpiýa şäherçesine we paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutulandyr.